Putin Tramp bilen boljak möhüm sammite gatnaşmak üçin Alýaska ugrady; Ukraina galagoply garaşýar

Demonstrantlar ABŞ we rus prezidentleriniň duşuşygynyň öňüsyrasynda, 14-nji awgustda Ukraina goldaw bildirip, Alýaska ştatynyň Ankoridž şäherinddki Seward magistral ýolunyň ugrunda baýdak göterýär.

  • Şu gün rus prezidenti Putin we ABŞ prezidenti Tramp Russiýanyň Ukrainadaky urşuny soňlamagy ara alyp maslahatlaşmak üçin Alýaskada duşuşýar, Ukraina gepleşiklerden çetde goýulýar
  • Ýewropa liderleri bu sammitiň Ukrainany gowşatmagyndan ýa-da özleriniň Russiýanyň agressiýasyna garşy berýän goldawlarynyň ähmiýetini pese gaçyrmagyndan howatyr edýärler
  • Putin bu ýygnaga simwoliki ýeňiş hökmünde garaýar, Tramp bolsa, dowam edýän çaknyşyk boýunça ynjalyksyzlyga garamazdan, parahatçylyk gazanmagy maksat edinýär


Rus prezidenti Wladimir Putin ABŞ prezident Donald Tramp bilen sammitde ýüzbe-ýüz duşuşmak üçin, hem-de Russiýanyň Ukrainada 42 aý çemesi wagt bäri dowam etdirýän urşuna çözgüt tapmagy maksat edinýän gepleşiklere gatnaşmak üçin, Alýaska ugrady.

Ukraina resmileri Ankoridžiň golaýyndaky harby howa bazasynda 15-nji awgustda geçirilýän duşuşykdan çetde tutulýar. Bu sammit uruşdan ýadan ukrainalylar, parahatçylygy ornaşdyrmaga hyjuwlanýan Tramp we dünýä sahnasynda Russiýanyň ornuny gaýtadan şekillendirmek ugrunda tagalla edýän Putin üçin aýgytly pursat bolup durýar.

Ýewropa liderleri sammitde Ukrainanyň pozisiýasyny gowşadyp biljek, ýa-da Ýewropanyň Russiýanyň wehimlerine garşy durup, Ukraina goldaw bermek mümkinçilikleriniň ähmiýetiniň pese gaçyryp biljek kararlaryň kabul edilmeginden ätiýaç edýärler.

Ruslar üçin bolsa, Putiniň ABŞ toparynda duşuşmagynyň aňladýan simwolikasy, üstesine, onuň bir wagtlar Russiýa tarapyndan gözegçilik edilen territoriada duşuşmagynyň özi, eýýäm, kiçi bir ýeňiş bolup durýar. Halkara jenaýat kazyýeti uruş jenaýatlary boýunça Putine garşy tussag etme orderini çykaraly bäri, onuň daşary ýurt döwletlerine syýahat etmek mümkinçilikleri çäklendirilipdi we Günbatar hem Putini, Kiýewe garşy girişen esassyz urşy zerarly, üzňeleşdirdi.

Köp adam Waşington bilen gönümel gepleşikleriň geçirilmegini – Ukrainanyň parahatçylyk gepleşiklerinden çetde goýulmagyny – 1945-nji ýylda bolup geçen Ýalta konferensiýasyna meňzedýärler. Şonda Sowet Soýuzy, ABŞ we Britaniýa II Jahan urşundan soň Ýewropany böleşipdi.

Özüniň ylalaşyk ukyplaryna buýsanýan Tramp Russiýanyň urşuny özüniň togtadyp bilmeýşine barha ynjalyksyz bolup gelýär. Günbataryň çaklamalaryna görä, bu uruşda bir million rus esgeri öldürildi ýa-da ýaralandy. Ukraina hem ýüzlerçe müň ýitgi berdi.

“Men prezident, ol meniň bilen oýun edip bilmez” diýip, Tramp 14-nji awgustda Ak tamda žurnalistlere aýtdy.

“Eger-de bu erbet duşuşyk bolsa, ol tiz wagtda gutarar, eger-de gowy duşuşyk bolsa, onda biz örän gysga wagtda parahatçylyk gazanyp bileris” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Degişli maglumat Çet ýerde ýerleşýär, simwoliki we strategiki taýdan möhüm: Tramp – Putin duşuşygynda Alýaska üns merkezinde

Putin 14-nji awgustda ýokary derejeli Kreml resmileri bilen duşuşyp, sammit boýunça optimizm görkezdi we täze ýarag gözegçilik şertnamasynyň işlenilip düzülýän bolmagynyň mümkindigine yşarat etdi. Ol özüniň Russiýadaky 25 ýyllyk syýasy häkimiýetiniň dowamynda bäş sany ABŞ prezidenti bilen duşuşdy.

Ak tam “duşmançylygy bes edip, degişli ähli taraplara bähbitli ylalaşyk gazanmak ugrunda akýürekli we joşgunly tagalla edýär” diýip, Putin Kremliň paýlaşan wideosynda aýtdy.

Waşington bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklaryň gowşamagy zerarly, dünýäde iň köp ýadro ýaraglaryna eýe bolan bu iki ýurduň ýadro arsenalyny düzgünleşdirýän bir topar ýarag gözegçilik şertnamalary güýçden gaçdy. Bu ugurdaky iň soňky iri şertnama bolan “New START” şertnamasynyň möhleti öňümizdäki hepde tamamlanar.

Degişli maglumat Tramp ÝB liderlerine we Zelenskä Putin bilen territoria meselelerini maslahatlaşmajakdygyny aýtdy

Tramp golaýda II Jahan urşundan bäri Ýewropa bolup geçýän iň uly çaknyşygy soňlamak üçin Moskwanyň we Kiýewiň ýer almaşmaly boljakdygyny aýtdy.

Bu häzirki wagtda hiç hili rus territoriasyny basyp almaýan Ukrainanyň çuňňur aladalandyrdy. Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski sammitiň bosagasynda Londona sapar edip, britan premýer-ministri Keir Starmerden goldaw gözledi.

“Biz parahatçylygy durnukly saklap biljek howpsuzlyk kepilliklerini jikme-jik maslahat etdik” diýip, ol aýtdy.

Şu hepdäniň içinde Zelenski Berline sapar edip, özleriniň çetde tutulmagyndan howatyr edýän birnäçe ýewropa lideri bilen wideo maslahata gatnaşdy.

Tramp ýyllaryň dowamynda Putin bilen alty gezek duşuşdy, ýöne olar Tramp ýanwar aýynda Ak tama dolanaly bäri ilkinji gezek duşuşýar. Olar ýanwar aýyndan bäri azyndan bäş gezek telefonda gepleşdi. Ak tamyň ýörite wekili Putin bilen duşuşmak üçin üç gezek sapar etdi.