Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rýazan sebitindäki däri zawodynda bolan partlamada ölenleriň sany 20-ä ýetdi


Däri zawody
Däri zawody

Rýazan sebitindäki “Elastik” däri zawodynda bolan partlamada ölenleriň sany 20-ä ýetdi diýip, sebitdäki operasiýa merkezi habar berdi.

134 adam ejir çekdi, olaryň 31-si Rýazandaky we Moskwadaky keselhanalarda; 103 adam ambulatoriýa bejergisini alýar. Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi 154 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Rýazan sebitiniň Şilowskiý etrabynda ýerleşýän “Elastik” zawodynyň däri sehinde dörän partlama 15-nji awgustda, irden boldy.

Russiýa Federasiýasynyň Derňew komiteti Jenaýat kodeksiniň 217-nji maddasy (howply senagat desgalary üçin senagat howpsuzlygynyň talaplaryny bozmak) esasynda kazyýet işini açdy.

XS
SM
MD
LG