Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus goşuny Harkowda köp gatly bina zarba urup, 5 adamy öldürdi, 18 adam ýaralandy


Harkowyň merkezine raketa zarbasy uruldy
Harkowyň merkezine raketa zarbasy uruldy

Rus goşunlary Harkowyň senagat etrabynda köp gatly ýaşaýyş jaýyna zarba urup, bäş adamyň, şol sanda bir ýaşly çaganyň ölümine sebäp boldy diýip, şäher häkimi Igor Terekow habar berdi.

Harkow sebit harby dolandyryş gullugynyň başlygy Oleg Sinegubowyň maglumatyna görä, öldürilen dördünji adam 16 ýaşly ýetginjek bolup, jesedi harabalygyň aşagyndan tapyldy.

18 adam ýaralandy. Şäher häkimi Igor Terekow ýaralananlaryň arasynda alty çaganyň bardygyny habar berdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlaryň hem bolmagy mümkin, olaryň sany aýdyňlaşdyrylýar. Häzirki wagtda bäş adam dereksiz ýitdi.

Ukrainanyň Döwlet gyssagly kömek gullugy hüjümiň ir sagat 05: 00-da edilendigini anyklaşdyrdy. Hüjüm netijesinde birinji, üçünji we bäşinji gatlarda, umumy meýdany 900 inedördül metr bolan ýerde ýangyn boldy.

Terekow gije Senagat etrabynyň bir ýaşaýyş meýdanyna ballistik raketa bilen zarba urlandygyny, Iki adamyň, şol sanda 13 ýaşly bir gyzyň ýaralanandygyny aýtdy.

Rus harbylary Odessa etrabynda ýangyç we energiýa infrastrukturasynyň desgasyna we iki gatly bina zarba urdy diýip, sebit harby dolandyryş gullugynyň başlygy Oleg Kiper habar berdi. Deslapky maglumata görä, wepat bolan ýa-da ýaraly bolan ýok.

XS
SM
MD
LG